Prezident Erdogan Çadta saparda boldy

“Çad bilen Türkiýäniň arasyndaky 41-42 million dollarlyk söwda gatnaşyklaryny artdyrmak isleýäris”

876420
Prezident Erdogan Çadta saparda boldy

 

Prezident R. T. Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan resmi saparynyň ikinji duralgasy Çadta resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan Çadyň Prezidenti Idris Debi bilen Prezident köşgünde bolan özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.

Çadyň myhmansöýerligi üçin kärdeşi Debä sag bolsun aýdan Erdogan Türkiýeden Prezident derejesinde Çada ilkinji sapary guramakdan hoşaldygyny belledi.

Prezident Erdogan “Biz Çady doganlyk ýurt hökmünde görýäris. Iki taraply bähbide esaslanýan gatnaşyklarymyzy uzak möhletli ösdürmek isleýäris” diýdi.

Erdogan “Çad bilen Türkiýäniň arasyndaky 41-42 million dollarlyk söwda gatnaşyklaryny artdyrmak isleýäris” diýdi.

Fetallahçy terror guramasy FETÖ garşy göreş barada hem durup geçen Prezident Erdogan FETÖ-ni terror guramasy hökmünde yglan edendikleri üçin kärdeşi Debä öz adyndan we türk halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Erdogan Iýerusalim meselesinde bolsa “1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty İýerusalim bolan garaşsyz we özbaşdak Palestina döwleti gurlan halatynda Sebitimizde parahatçylyk we durnuklylyk üpjün edilip bilner” diýdi.

Çadyň Prezidenti Idris Debi hem metbugat ýygnagynda iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylandygyna ünsi çekdi.

Türkiýäniň taryhda adamzadyň hem-de musulman jemgyýetiniň adyndan uly işleri durmuşa geçiren esasy ýurtlaryndan biridigini aýdan Debi, Türkiýaniň  Ýewropa, Aziýa we Arap ýurtlarynyň arasynda köprü wezipesini ýerine ýetirýändigini  we şol birt wagtda Çad bilen birlikde Afrika ýurtlary bilen hem ýakyndan gatnaşyk edýändigini ýatlatdy.

Debi terrora garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

 



Degişli Habarlar