Prezident Erdogan Ierusalym meselesinde telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Erdogan Ierusalymyň Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edilmeginiň Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabyny bökdejekdigini aýtdy

862560
Prezident Erdogan Ierusalym meselesinde telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

 

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň Ierusalymy Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek hakyndaky meýilnamasy barada Malaýziýanyň Premýer ministri Nejip Rezak, Tunisiň Prezidenti Al Baji Kaid As Sibsi we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan telefon söhbetdeşliklerinde Ierusalymyň Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edilmeginiň Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabyny bökdejekdigini aýtdy.

Erdogan sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar Ierusalym bolan garaşsyz we özbaşdak Palestina döwletiniň gurulmalydygyny nygtady.

Ysraýylyň 1980-njy ýylda kabul eden Ierusalymy basyp almak kararynyň halkara jemgyýetçiligi we BMG tarapyndan ret edilendigini ýatladan Prezident Erdogan, musulmanlar üçin hem keramatly bolan şäheriň, yslam ýurtlary üçin diýseň ynjyk meseledigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde liderlere Türkiýäniň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde 13-nji dekabrda Stambulda Adatdan daşary ýagdaýda maslahat geçirjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar