Siirt welaýatynda bir esger şehit boldy

Siirt welaýatynda aýralykçy terror guramasy PKK-ly terrorçylaryň uzyn nilli ýaraglar bilen od açmagy netijesinde 1 esger şehit boldy

776380
Siirt welaýatynda bir esger şehit boldy

Welaýatyň Baýkan etrabynyň Çukurja obasynda bir harby ulaga harby bölümden çykanyndan gysga wagt soň terrorçylar tarapyndan od açyldy.

Hüjümde ulagdaky 1 esger wakanyň bolan ýerinde şehit boldy, 1 esger bilen 1 goragçy hem ýaralandy.

Ýaralanan  adamlar hassahanada bejergi astyna alyndy.

Terrorçylaryň tapylmagy üçin sebitde giň-gerimli operasiýa başladyldy.



Degişli Habarlar