Yşyk: “S-400 howa goranyş ulgamy boýunça soňky tapgyra gelindi”

Milli goranmak ministri Fikri Yşyk S-400 uzak aralykly howa goranyl ulgamy barada Russiýa bilen geçirilen gepleşiklerde soňky tapgyra ýetilendigini aýtdy

719254
Yşyk: “S-400 howa goranyş ulgamy boýunça soňky tapgyra gelindi”

Ministr Yşyk soňky karar üçin Prezident Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň arasynda 3-nji maýda Soçide geçiriljek duşuşyga garaşylýandygyny aýtdy

S-400 raketalary baradaky NATO-nyň pozisiýasyna ünsi çeken Yşyk; “NATO utgaşdyrylman halatynda NATO bu işe goşulyşyp bilmez. Biz NATO-nyň ulgamyna utgaşykly ulgam almak isleýärdik. Emma NATO agza ýurtlar ony bermeýän bolsa we ol Türkiýä gyssagly gerek bolsa degişli çäre görüler” diýdi.

Siriýanyň Rakka şäheriniň terror guramasy DAİŞ-den saplanmagy baradaky operasiýa ünsi çeken Fikri Yşyk; “ABŞ ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD-den peýdalanmakçy bolsa, Türkiýe şol operasiýa goldaw bermez” diýdi.

Milli goranmak ministri Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň Türk ýaragly güýçlerinden saplanmagy bilen oňa uly zarba urulandygyny aýtdy.

Yşyk guramanyň Türk ýaragly güýçlerinden saplanmagy üçin düýpli iş alynyp barylýandygyny nygtady.


Etiketkalar: #Fikri Yşyk , #Russiýa , #S-400 , #NATO , #DAIŞ , #PKK

Degişli Habarlar