Türkiýe Bilen Täjigistanyň Arasyndaky Söwda Gatnaşyklary Ösýär

Söwda ministri Ömer Bolat Täjigistan bilen söwda mukdaryny 1 milliarda ýetirmekde ygrarlydyklaryny beýan etdi.

2145005
Türkiýe Bilen Täjigistanyň Arasyndaky Söwda Gatnaşyklary Ösýär

Ministr Bolat sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Türkiýe-Täjigistan Bilelikdäki ykdysady toparyň 12-nji maslahaty mynasybetli paýtagt Ankarada bolýan Täjigistanyn Senagat we innowasiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşandyklaryny mälim etdi.

Kabir bilen özara söwda mukdarynyň artdyrylmagy ugrunda bar bolan mümkinçilikler hakynda pikir alyşandyklaryny beýan eden ministr Bolat; “2023-nji ýylda 529 million dollara barabar bolan özara söwda mukdarymyzy Hormatly prezidentlerimiziň beýan edişi ualy 1 milliard dollara ýetirmekde ygrarly” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar