Fidan: "Palestinany ykrar etmek möhüm" diýdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan käbir döwletleriň Ysraýyla berýän goldawy bolmasady, Gazadaky genosidiň dowam etmeginiň mümkin bolmajakdygyny habar berdi

2145404
Fidan: "Palestinany ykrar etmek möhüm" diýdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan Kambojanyň wise-premýeri, daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Sok Çenda Sofiýa bilen paýtagt Ankara şäherinde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Ministr Fidan Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümleri bilen bagly: "Ysraýylyň alyp barýan genosidiniň elbetde jezasyz galmajakdygyna, hem adamzat wyždanynda hem-de halkara hukuk tarapyndan gerek bolan jezany aljakdygyna tüýs ýüregimizden ynanýarys" diýip belledi. 

Ministr Hakan Fidan: "ABŞ başda bolmak bilen Günbatar ýurtlaryň şertsiz goldawy bolmadyk bolsady, Ysraýylyň sebitde edýän genosidiniň başlamagam, dowam etmegem mümkin däldi" diýip habar berdi. 

Ministr Hakan fidan, Palestinany resmi ýagdaýda ykrar eden ýurtlar bilen baglanşykly bolsa: "Palestinalylaryň döwletlilik ugrundaky tagallalaryny dogry görýän atmosfera peýda boldy. Bu atmosferany has gurluşly ýagdaýa öwürmek üçin işleýäris. Soňky gezek bolsa 3 ýurduň resmi taýdan ykrar edendigini aýan etmegi we 1 ýurduň ykrar etmek ýolunda durýandygyny aýtmagy diýseň möhüm waka. Bu mesele boýunça işimizi dowam etdireris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar