PKK Ýewropa Ýurtlary Üçinem Howp

Daşary işler ministri Hakan Fidan esktremist terror guramasy PKK-nyň Ýewropada iş alyp barýan ýurtlarynda döwlet ulgamy üçinem howp bolup durýandygyny aýtdy.

2145288
PKK Ýewropa Ýurtlary Üçinem Howp

Hakan Fidan ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýaranlarynyň ÝB-niň çäklerinde ýaşaýan türk raýatlaryna garşy hüjümleri hakynda beýannama berdi.

PKK-nyň ýaranlary tarapyndan 24-nji martdan bäri Belgiýanyň dürli ýerlerinde türk raýatlaryny we guramalaryny nyşana alan hüjümleriň guralandygyny ýatladan Fidan, 25-nji martda Türk medeniýet jemgyýetine, 26-njy martda Germaniýanyň Hannower şäherindäki Başkonsullygyna hüjüm edilendigini aýtdy.

Ministr Fidan hüjümleriň jenaýatçylarynyň tapylyp, adalada tabşyrylmagy we Türkiýäniň daşary ýurtlardaki wekilhanalary üçin howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi üçin degişli taraplar bilen gysga möhletde  aragatnaşyk saklanandygyny we onuň dowam edýändigini beýan etdi.

Ministr Fidan: “Başdan geçirilen wakalar PKK-nyň Ýewropada iş alyp barýan ýurtlarynda jemgyýetçilik ulgama howp salýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi. 2024-nji ýylyň aprelinde Fransiýanyň we Belgiýanyň degişli edaralary tarapyndan terror guramasy PKK garşy terrorizmiň maliýeleşdirilmegi sebäpli guralan operasiýalary hem bellik edip, meseläniň daşary ýurtly kärdeşlerimiziň derejesinde gün-tertibinde tutmaga dowam edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar