Türkiyäniň daşary işler ministri Ispaniýa sapar gurar

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Ispaniýanyň Palestinany ykrar etmek baradaky karar mynasybetli ugradan çakylygyna laýyklykda ertir Ispaniýa sapar gurar

2145106
Türkiyäniň daşary işler ministri Ispaniýa sapar gurar

Türkiyäniň daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Ministrimiz Ispaniýanyň Palestina döwletini ykrar etmek baradaky karary mynasybetli ugradan çakylygyna laýyklykda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Arap Ligasynyň Gaza aragatnaşyk toparynyň agzalary bilen bilelikde 29-nji maýda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherine sapar gurar. Geçiriljek duşuşyklarda Gazada ylalaşygyň ýola goýulmagy we iki döwletli çözgüt esasynda Palestina döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi bilen bagly tagallalar ara alynyp maslahatlaşylar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar