Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde soraglara jogap berdi

Prezident R.T.Erdogan terrorçylyga garşy göreşiň dowam edýändigini, halkyň Türkiýe Respublikasynyň raýatlygy bähbidinde jebisleşendigini aýtdy

700512
Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde soraglara jogap berdi

Prezident Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde 16-njy aprelde geçiriljek Prezident Respublikasy dolanşyk ulgamy baradaky konstitutsion özgertme üçin geçiriljek referendum baradaky soraglara jogap berdi.

Terrorçylyga garşy göreşde gazanylan üstünliklere ünsi çeken Prezident Erdogan; “Döwletiň milleti bilen jebisleşmesini ýola goýan Günorta-gündogar Anadoly sebitinde 16-njy aprel hamala diýersiňiz rentgen bolar. Şol rentgende özüni görkezer we diýseň tapawuty hem-de depginli tapgyr başlar” diýdi.

Terrorçylyga garşy göreşiň dowam edýändigini, Türkiýe Respublikasynyň raýatlygynyň umumy bähbit bolmagynda galýandygyny nygtan Prezident “men kürt” diýýänleri hem bagyrlaryna basýandyklaryny, emma kürtçilikden el çekilmän halatynda onu rasizme alyp barýandygyny we oňa garşydyklaryny aýtdy.

Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Şonuň içinem ne türkçilik, ne kürtçilik, ne lazçylyk, ne ol ýa-da beýlekiçilik ýok. Türkiýe Respublikasynyň raýatlygy bähbidinde jebisleşeliň we biz hiç hili tapawut goýmaýarys. Ýaradylany ýaradan üçin söýýäris. “80 million dogan” diýýäris. Biz onuň hötdesinden geleris. Ählimiz Türkiýe Respublikasynyň raýatdygymyz üçin buýsanarys.”

Germaniýanyň terror guramalaryna berýän goldawyň delillerine-de ünsi çeken Prezident Erdogan: “Plis ulagynyň içinde terrorçylar otyr we ol ýerde terror ýolbaşçysynyň portretlerini galgadýarlar. Ulag, polisiň ulagy. Elimizde delilleri bar. İndi Germaniýanyň Federal Howpsyzlygynyň “onuň yzynda ony göremizok” diýmegi, onuň mamladygyny görkezmeýär. Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna dogry çemeleşmeýäniň saglyk ýagdaýy gowy bolmaly däl” diýdi.

R.T.erdogan Amerikan hökümetine Siriýanyň Munbiç etraby barada ýetirilen ýüzlenmäni hem halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirdi.

Erdogan: Ekstremist terror guramasy PKK-nyn Siriýadaky bölümi PÝD-ÝPG Munbiçe ornaşmaz. Ol ýer araplara degişli. Ol ýerde çykmaly bolarlar. Olaryň ikisem terror guramasy. Terror guramalary bilen işleşmegiňizi NATO-nyň çäginde strategik hyzmatdaşlygymyza laýyk görmeýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar