Adana welaýatynda terrorçylykly hüjüm guraldy
Adananyň gubernatorlyk binasynyň golaýyndaky ulag duralgasynda ir-ertir partlama boldy
616664
Adananyň gubernatory partlamada 2 adamyň ölendigini, 16 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Partlamadan soň wakanyň bolan ýerine köp sanly tiz kömek ulagy ugradyldy.
Polis howpsyzlyk sebäpli gubernatorlyga barýan ähli ýollary gatnawa ýapdy.
Ýewropa bileleşigi ministri Ömer Çelik Twitter arkaly beren beýanatynda wakanyň terrorçylykly hüjümdigini nygtap: “Näletli terror raýatlarymyzy nyşana almaga dowam edýär. Adamkärçiligiň hatyrasyna bu terror bilen soňuna çenli göreşeris” diýdi.