“Mosulyň ne DAIŞ-e ne-de başga bir terror guramasyna berilmegine asla rugsat bermeris”

Prezident Erdogan Rize şäherinde käbir ymaratlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

590243
“Mosulyň ne DAIŞ-e ne-de başga bir terror guramasyna berilmegine asla rugsat bermeris”

Prezident R. T. Erdogan “Biz hyzmatdaş güýçleri bilen terror guramasy DAIŞ bilen birlikde beýleki terror guramalaryna garşy göreşýäris. Başika düşelgesi hakynda hiç kim garaýyş beýan edip bilmez. Düşelge häzirki ýerinde galar” diýdi.

Prezident Erdogan Rize şäherinde käbir ymaratlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde Ýefrat galkany operasiýasy hakynda durup geçdi

Prezident Erdogan “Jarablusa girdik, yzy ýanyndan bolsa Al Raiýe girdik we Dabika tarap barýarys. Ol ýerde 5 müň ine dördül kilometrlik meýdany terrordan saplanan zolak hökmünde yglan ederis. Biziň hiç kimiň topragynda gözümiz ýok emma ýurdumyzda 3 million bosgun bar. Olaryň öz topraklarynda asuda durmuşda ýaşamaklary üçin tagalla edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan “Mosulyň ne DAIŞ-e ne-de başga bir terror guramasyna berilmegine asla rugsat bermeris” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar