“FETÖ ähli guramalardan aýryldy, indiki nobat PKK-da”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym 15-nji iýuldan soň Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ähli guramalardan aýyrlandygyny, indiki nobatyň aýralykçy terror guramasy PKK-dadygyny mälim etdi

565281
“FETÖ ähli guramalardan aýryldy, indiki nobat PKK-da”

Binali Ýyldyrym Diýarbakyrda Gündogar we Günorta-gündogar Anadolynyň jemgyýetçilik pikirleriniň liderleri we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen agşam naharynda duşuşdy.

Terrora garşy göreşde milletiň arkasyndadyklaryny bellän Ýyldyrym: “15-nji iýuldan soň FETÖ-ni ähli guramalardan nähili aýyrýan bolsak, ähli kärhanalaryny, bilim edaralaryny, saglygy goraýyş guramalaryny, jemgyýetlerini, gaznalaryny, kärdeşler arkalaşyklaryny ýapan bolsak, mundan soňky nobat aýralykçy terror guramasy PKK-da. Häkim, resmi Kandilden buýruk alyp, gelip hasabyny etjek, milletiň ganyny işjek. Talaňçylyk ýok. Bu milletiň şaýyna göz diken ähli adamdan hasap sorarys” diýdi.

Binali Ýyldyrym terrora garşy göreş bilen baglanşykly: “Terror guramasy PKK bilen oba ýerlerinde, şäherlerde, ähli ýerde göreş barha artdyrylyp dowam etdiriler. Maliýe çeşmelerini ýok ederis. Ýol kesmelere, minalara, hyýanatçylykly hüjümlere garşy göreşimizi tutanýerlilik bilen dowam etdireris” diýip belledi.

Ýyldyrym mundan beýläk näme etjekdiklerini bilýändiklerini, ýörelgäni belli edendiklerini, terror guramasynyň hüjüm edýänçä çenli garaşmajakdyklaryny, giden ýerlerine çenli ýeňselerinde boljakdyklaryny, terrorçylaryň hinlerinde täsirsiz ýagdaýa getirjekdiklerini nygtady.

Binali Ýyldyrymyň gün tertibinde Siriýanyň demirgazygynyň terror guramadan saplanmagy üçin başladylan Ýewfrat galkany operasiýasy hem bardy.

Azezden Jerablusa çenli 91 kilometr serhediň saplanandygyny bellän Ýyldyrym: “Biziň ol ýerdäki maksadymyz sebiti DAEŞ, PÝD, ÝPG, PKK terror guramalaryndan saplamak. Türkiýä gelip janlarymyzy ýakmaklarynyň öňüni almak. Serhetlerimiziň howpsyzlygyny üpjün etmek, raýatlarymyzyň janynyň we emläginiň howpsyzlygyny üpjün etmek. Bu biziň kanuny hukugymyz” diýdi.



Degişli Habarlar