Meclis derňew topary döredildi

Meclisde Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nci iýuldaky agdarlyşyk synanşygy boýunça Meclis derňew toparynyň döredilmegi bir agyzdan kabul edildi

538179
Meclis derňew topary döredildi

Teklip boýunça hödürlän hökmünde çykyş eden Adalat we ösüş partiýasynyň Meclis toparynyň wekili İlknur İnceöz FETÖ/PDÝ-niň iňňän misginsokar, hyýanatçylykly terror guramasydygyny aýtdy.

Respublikan halk partiýasynyň halk deputaty Ömer Süha Aldan dördilcek derňew toparynyň agzalarynyň ähli partiýalardan deň derecede saýlanmalydygyny aýtdy.

“Ankarada baş prokuroryň wezipesini ýerine ýetiricilerden biriniň öz canpenasyndan görkezme alýandygyny” bilýändigini aýdan Aldan: “İne bu şeýle ulgam” diýdi.

Bu ulgam bilen baglanşygy bolmadyk adamlaryňam bir çuwala goýulýandygy barada özlerine köp sanly ýüz tutmanyň gelip gowuşýandygyny beýan eden Aldan: “Bu işi cadygöý awyna öwürmäliň” diýdi.

Milletçi hereket partiýasynyň halk deputaty Mehmet Erdogan bolsa utgaşyklyk we dialog şertleriniň dowam etdirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

15-nci iýuldan bäri onlar müň döwlet gullukçysynyň işden çetleşdirilendigine ünsi çeken Erdogan: “Edaralara siňen FETÖ-çileriň hileli işlere ýüz tutýandygy öňe sürülýär. Bu meselede ünsli çemeleşilmeli” diýdi.

Halklaryň demokratik partiýasynyň halk deputaty Celal Dogan bolsa bu agdarlyşyk synanşygynyň beýleki agdarlyşyklardan tapawutlydygyny nygtap: “Bu synanşygiň selcerilmeli iň möhüm tarapy maksadynyň we möhletiň nämedigi. Beýleki agdarlyşyklar aslyna seredilende gün tertibine getirilse we her hepde birini selcersek, ýakyn taryhymyza şöhle saçcak ençeme deliller çykar” diýdi.



Degişli Habarlar