Tunjeli welaýatynda polisiýa gullugynyň bir işgäri şehit boldy

Wakada şeýle hem 2 polisiýa işgäri ýaralandy

536432
Tunjeli welaýatynda polisiýa gullugynyň bir işgäri şehit boldy

Tunjeli welaýatynda terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň granatamýot we uzyn nilli ýaraglar bilen guran hüjüminde polisiýa gullugynyň 1 işgäri şehit boldy, 2 işgär bolsa ýaralandy.

Şäheriň merkezine golaý bir ýerde ýerleşýän Tunjeli-Owajyk gara ýolundaky polisiýa gözegçilik merkezine guralan hüjümde ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlary agyr.

Sebitde terrorçylaryň tussag edilmegi üçin howpsyzlyk güýçleri tarapyndan giň-gerimli operasiýa başladyldy.



Degişli Habarlar