Özdag we Halaçogly Berlinde konferensiýa bererler

Milletçi hereket partiýasynyň alym halk deputatlary Ümit Özdag we Ýusuf Halaçogly nemes mejlisiniň “Ermeni tezisleri” baradaky kararyny Berlinde berjek konferensiýalary bilen protest ederler

517516

Özdag we Halaçogly Berline uğramazdan ozal Esenboga adyndaky howa menzilinde metbugata beýanat berdiler.

Türk taryhynda ermenileriň öňe sürüşi ýaly gara tegmiliň bolmandygyny nygtan Ümit Özdag, hakykatlary ähli platformalarda beýan etmegin milli borçdugyny aýtdy.

Özdag: “Bu karar hukuk taýdan masgaralyk. Bu mesele boýunça geçiren işlerimizi öz içine alýan protest maksatly konferensiýa bereris” diýdi.

Milletçi hereket partiýasynyň Kaýseri welaýatyndan halk deputaty Ýusuf Halaçogly bolsa geçiriljek konferensiýanyň hemmelere açyk bolandygyny nygtap: “Bu utanç beriji karara gol goýan asly türk nemes halk deputatlaryna garaşýarys, gelsinler, islendik soragy sorasynlar” diýdi.

Halaçogly: “Öldürilendigi aýdylýan ermenileriň gubyrlary nirede, diýip soraýarys. Bilýän bolsalar gubyrlary görkezsinler, açalyň” diýdi.

Degişli Habarlar