Erdogan Prezident kompleksinde aktiwistlere agzaçar berdi

Prezident Erdogan agzaçarda sözlän sözünde terror guramasy PKK goldaw beren häkimlikler baradaky kanuny üýtgetmäniň mejlis dynç alyşa çykmazdan ozal çykaryljakdygyny aýtdy

517329
Erdogan Prezident kompleksinde aktiwistlere agzaçar berdi

Günorta-gündogar Anadoly sebitindäki käbir häkimlikleriň býujetlerindäki serişdäni terror guramsy PKK-nyň hasabyna geçirendiklerini nygtan Erdogan: “Bu günler olaryň gowy dünleri, bularyň jezasyny çekmeli bolarlar” diýdi.

Erdogan terrora goldaw beren häkimlikleri we Halklaryň demokratik partiýasyny berk tankyt edip: “Arkaňyzda durýan guramalaryňyz bilen milleti we dünýäni aldadarys öýdýäňizmi? İndi terror guramasy PKK we ony goldaýanlara garşy berk göreş alyp barýarys. Elinde ýaragy bolanyň garşysynda ýaragly güýçlerimiz durar” diýdi.

Prezident Erdogan operasiýalaryň tamamlanan welaýatlarynda we etraplarynda infrastrukturanyň dikeldiş işlerine başlanandygyny we olaryň ozalkysyndan has ýokary derejede boljakdygyny nygtady.

ÝB-ne hem berk reaksiýa görkezip, Ýewropanyň Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşine synçy bolup galýandygyny, terrorçylara jezalaryny bermegiň ýerine olara hemaýat edýändigini nygtan Erdogan: “Sen eger terrorçylara goldaw berseň, olara degişli jezany bermeseň, olaryň portretini diwaryňa assaň has agyr günler geler” diýdi.

Aktiwistlere ýüzlenen Erdogan: “Terror guramasy PKK-nyň we oňa goldaw berýänleriň hakyky ýüzüni millete gürrüň beriň. Siz bize wekilçilik edýärsiňiz. Eger şeýle bolsa wekilçilik edýän doganlaryňyza düşündiriň. Ýurdumyz we sebitimiz öz taryhyna, topragyna ýat bolan taslamalaryň netijesinde ýüze çykan bela-beterden doly halas bolar” diýdi.



Degişli Habarlar