Prezident Erdogan 11 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi näletledi

Prezident Erdogan “terrora garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder”diýdi

506026
Prezident  Erdogan 11 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi näletledi
AMBARGOLU 19)İSTANBUL PATLAMA 5.jpg

Stambulda ertiriň irki sagatlarynda guralan terrorçylykly hüjüm bilen arabaglanşykly 4 adam göz tussaglygyna alyndy.

Prezident R. T. Erdogan Stambulda şu gün ertiriň irki sagatlarynda guralan we 11 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi näletledi.

Prezident Erdogan “terrora garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder”diýdi.

Prezident Erdogan terrorçylykly hüjümde ýaralananalryň bejergi alýan Haseki hassahanasyna baryp gördi.

TBMM-niň başlygy İsmail Kahraman hem terrorçylykly hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.

Kahraman ýüzlenmesinde, “Halkymyzyň asudalygyny nyşana alýan adamzada duşman ganhorlara bolan ýigrenç gün saýyn artýar” diýdi.

Ganly eller bu gezek Stambulyň Beýazit meýdanynda hüjüm gurady.

Hyýanatçylykly hüjümde 7  polis gullukçysy bilen asuda ilatdan 4 adam ýogaldy.

Bombaly ulag bilen guralan hüjümde 30 adam hem ýaralandy.

Şäher häkimi Wasip Şahin hüjüm hakynda beren beýanatynda terrorçylaryň işe barýan polis gullukçylaryny nyşana alandygyny ýatlatdy.

Wakadan soň Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Çankaýa köşgünde İçeri işler ministri Efkan Ala bilen Saglygy goraýyş ministri Rejep Akdagyň gatnaşmagynda howpsyzlyk maslahatyny geçirdi

 



Degişli Habarlar