Prezident Erdogan kararyň arkasynda “ýokary akylyň” bardygyny belledi

Erdogan metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

503935
Prezident Erdogan kararyň arkasynda “ýokary akylyň” bardygyny belledi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Germaniýanyň parlamendiniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly kabul eden kararynyň arkasynda “ýokary akylyň” bardygyny nygtady.

Gündogar Afrika ýurtlaryna sapara çykan Prezident Erdogan žurnalistleriň soraglaryna jogap berip kararyň ähmiýetiniň Türkiýe üçin ýokdygyny mälim etdi.

Germaniýanyň Türkiýe ýaly bir dostyny ýitirme howpy bilen ýüz-ýüze gelendigini bilmeýändigini bellän Erdogan kararyň kabul edilmeginde “ýokary akylyň” täsiriniň bardygyny habar berdi.

“Geçen ýyl 1915-nji ýyldaky wakalaryň 100-nji ýylynda karar näme üçin ses berilşige goýulmady, şu ýyl goýuldy?” diýen Prezident Erdogan: “Ýokary akyldan buýruk alyp bular ýaly hereket etdiler” diýdi.

Ses berilşige gatnaşmaýan Germaniýanyň Premýer ministr Angela Merkel barada bolsa Prezident: “Nemes hökümeti bular ýaly karardan soň meniň we Premýer ministriň ýüzüne nädip serederler?” diýip sorady.

Parlamentiň kabul eden kararynyň bosgun ylalaşygyna täsir ýetirmejekdigini nygtan Erdogan: “Mesele Germaniýa bilen baglanşykly, Türkiýe-ÝB meselesi ýaly garamak dogry däl” diýdi.

Prezident R.T. Erdogan Siriýa meselesinde ABŞ-nyň beren sözüni ýerine ýetirmän halatynda, öz göbeklerini özleriniň kesjekdiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar