Mardinde 2 esger şehit boldy

Mardiniň Nusaýbin etrabynda terrorçylar tarapyndan ýolda ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjy maddanyň ýarylmagy netijesinde 2 esger şehit boldy

486656
Mardinde 2 esger şehit boldy

Nusaýbinde terrorçylar tarapyndan gazylan çukurlaryň gömülmegi, goýulan barrikadalaryň aýrylmagy, duzaklanyp goýulan partlaýjy maddanyň anyklanmagy we ýok edilmegi, düzgün-kadalaryň ýola goýulmagy üçin Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Içeri işler müdürligi tarapyndan başladylan “Atmaja-7 operasiýasy” dowam edýär.

Operasiýanyň barşynda PKK-ly terrorçylar tarapyndan goýulan partlaýjy maddanyň ýarylmagy netijesinde 2 esger ýaralandy.

Nusabindäki döwlet hassahanasyna alynyp gidilen esgerler ähli tagallalara garamazdan şehit boldy.

Beýleki tarapdan Mardin, Şyrnak we Tunjeli welaýatlarynda PKK-a garşy geçirilýän operasiýada 12 terrorçy öldürildi.

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabyndaky operasiýada bolsa 11 terrorçy tussag edildi.



Degişli Habarlar