Nusaýbin etrabynda bir esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýada bir esger şehit boldy

484815
Nusaýbin etrabynda bir esger şehit boldy

Terrorçylar bilen çaknyşykda ýaralanan esger Nusaýbiniň döwlet hassahanasyna alynyp gidildi. Esger hassahanadaky ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Etrapda PKK-a agza terrorçylar tarapyndan gazylan çukurlaryň gömülmegi, goýulan barrikadalaryň aýrylmagy, duzaklanyp goýulan partlaýjy maddalaryň ortadan aýrylmagy, raýatlaryň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen 14-nji martda başladylan operasiýalar dowam edýär.



Degişli Habarlar