Mardin welaýatynyň Derik etrabynda bir esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Derik etrabynda PKK terrorçylary tarapyndan bombaly ulag bilen guralan hüjümde 1 esger şehit boldy, 2 sanysy asuda ilatdan 11 adam ýaralandy

483899
Mardin welaýatynyň Derik etrabynda bir esger şehit boldy

PKK terrorçylaryndan ybarat bir toparyň Üçýol Žandarm merkezine hüjüm guramagy netijesinde ýaralanan esgerlerden birinin saglyk ýagdaýy agyr.

Mardin welaýatynyň gubernatory Ömer Faruk Koçak hüjümde ýaralananlary görmek üçin hassahana bardy.

Beýleki tarapdan terrorçylyga garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde Şyrnak welaýatynyň çetki etraplary bilen Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynyň çetki obalarynda terror guramasyna degişlidigi anyklanan ýerler harby uçarlar bilen bombalandy.



Degişli Habarlar