Türkiýe Obamanyň beýanatyna reaksiýa görkezdi

Türkiýe Obamanyň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly beren beýanatyna reaksiýa bildirdi

476546
Türkiýe Obamanyň beýanatyna reaksiýa görkezdi

Türkiýe ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly beren beýanatyna reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: “ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly 2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde beren beýanaty I Jahan urşyndaky bolup geçen wakalaryň taryhy bir taraplaýyn ýagdaýda beýan etmegiň täze bir mysalydyr” diýilýär.

Beýanatda: “Dost we hyzmatdaş ýurtlaryň aradaky düşünişmezçilige goldaw bermegiň ýerine, meseläni has hem dartgynlaşdyrmak isleýän töwerekleri ýüreklendirmegi gynandyryjydyr. Şu günki güne çenli taryhda bolup geçen gynançly wakalary syýasatda ulanmagyň hiç kime peýda getirmedi. Şol çäkde ABŞ-nyň hökümetini taryhy wakalary adalatly pikir bilen garap, ähli taraplaryň ajylaryny ünsden düşürmän, tarapsyz, sagdyn pikir bilen we kostruktiw pozisiýa eýelemäge çagyrýarys” diýilýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Obama beýanatynda ermeni dilinde “Uly betbagtçylyk” manysyny aňladýan “Meds Yeghern” sözüni ulanypdy.


Etiketkalar: #reaksiýa , #Barak Obama

Degişli Habarlar