Ismail Kahraman Kosowanyň Prezidentiniň kasam edişlik dabarasyna gatnaşdy

Ismail Kahraman Kosowada saparda boldy

467625
Ismail Kahraman Kosowanyň Prezidentiniň kasam edişlik dabarasyna gatnaşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Ismail Kahraman Kosowanyň Prezidentiniň kasam edişlik dabarasyna gatnaşdy.

Halk deputatlary bilen birlikde Kosowa giden Mejlisiň başlygy Kahraman Kosowanyň täze Prezidenti Haşim Taçiniň kasam edişlik dabarasyna gatnaşdy.

Mejlisiň başlygy Kahraman dabaradan soň Kosowanyň täze Prezidenti Taçi bilen duşuşdy.

Ismail Kahraman 34 ýurtda iş alyp barýan Ýunus Emre medeniýet merkeziniň paýtagt Priştinada durmuşa geçirýän işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Kahraman Ýunus Emre medeniýet merkeziniň halklaryň jebisligine we arkalaşykly hereket etmegine uly goşant goşýandygyny belledi.

Mejlisiň başlygy Kahraman saparynyň çäginde Prizren şäherde ýerleşýän Soltan Myradyň türbedine hem baryp gördi.



Degişli Habarlar