Erdogan: “Ýewropa Türkiýäni ýalňyz goýdy”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Ýewropa ýurtlarynyň terrora garşy göreşe ähmiyet bermeýändigini we bu ugurda Türkiýäni ýalňyz goýandyklaryny nygtady

462079
Erdogan: “Ýewropa Türkiýäni ýalňyz goýdy”

Ýadro howpsyzlyk maslahaty üçin ABŞ-na giden Prezident Erdogan CNN International kanalyndan Kristina Amanpura interwýu berdi.

Erdogan ençeme Ýewropa ýurdunyň terror howpynyň üstüne gitmedigini we terror garşy göreşde wezipelerini ýerine ýetirmeýändiklerini belledi.

Terror guramasy DAEŞ-iň ýaýramagyna garşylyk görkezmeýan ýurtlara ýüzlenen Prezident Erdogan öz ýurtlaryndan gelýän terrorçylar babatynda Ýewropanyň paýyna düşenini ýerine ýetirmeýändigini nygtady.

Erdogan: “Ýurtlara terrora garşy umumy pozisiýa eýe bolmaga çagyrýarys. Günbatarly ýurtlar tarapyndan ýalňyz goýuldyk. Günbatar ýurtlar yslam dinini hem ýalnyş teswirleýärler. Olar entege çenli jihadyň nämedigine düşünmändirler. Türkiýe terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam etdirer. Günbatardan hem meňzeş tutanýerlilige garaşýarys" diýdi.



Degişli Habarlar