Diýarbakyrda bombaly hüjüm guraldy

Terrorçylar tarapyndan guralan bombaly hüjümde 7 polis işgäri şehit boldy

462371
Diýarbakyrda bombaly hüjüm guraldy

Diýarbakyryň Baglar etrabynda polisiýa gullugynyň işgärlerini daşaýan ulagyň geçýän wagty terrorçylar tarapyndan guralan bombaly hüjümde 7 polis işgäri şehit boldy.

Bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 13-si polis bolan 27 adam ýaralandy.

Partlamanyň güýji bilen töwerege uly zeper ýetdi.

Beýleki tarapdan Ýadro howpsyzlyk maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Prezident R.T. Erdogan hyýanatçylykly hüjümi ýazgardy. Erdogan waka bilen baglanşykly ýurduň içeri işler ministri Efkan Aladan maglumat aldy we ýogalanlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar