Yrakda guralan terrorçylykly hüjüm berk ýazgaryldy

Türkiýe terrora garşy göreşde Yragyň hökümetine goldaw bermäge dowam eder

458897
Yrakda guralan terrorçylykly hüjüm berk ýazgaryldy

Daşary işler ministrligi Yragyň paýtagty Bagdadyň günortasynda ýerleşýän Babil şäherinde futbol bäsleşigine guralan köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda yragyň halkyna uly gynanç bildirildi.

Beýanatda “Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara hem gyssagly şypa dileýäris, ýogalanlaryň hossarlaryna we yragyň hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris," diýildi.

Beýanatda Türkiýäniň terrora garşy göreşde Yragyň hökümetine goldaw bermäge dowam etjekdigi bellenildi.



Degişli Habarlar