Kurtulmuş daşary ýurtly žurnalistleri kabul etdi

Kurtulmuş Russiýanyň parasatly oppozisionerlere we asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirmegine bolsa alada bildirdi

438022
Kurtulmuş daşary ýurtly žurnalistleri kabul etdi

Wise-premýer Numan Kurtulmuş daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen Ankarada ertirlik naharynda duşuşdy.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat beren Kurtulmuş Türkiýe hökmünde Siriýadaky parahatçylyk gepleşiklerinden hoşaldyklaryny emma käbir aladalarynyň bardygyny belledi.

ABŞ bilen Russiýanyň düýn Siriýada hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygyny we ylalaşygyň 27-nji fewralda güýje girjekdigini ýatladan Kurtulmuş, 6 aýdan bäri dowam edýän Siriýa gepleşikleriniň oňyn netijelenmeginden hoşaldyklaryny belledi

Kurtulmuş Russiýanyň parasatly oppozisionerlere we asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirmegine bolsa alada bildirdi.

Beýleki tarapdan ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Wolkan Bozkyr ÝB-ne agza ýurtlardan Türkiýä gelen žurnalistleri kabul etdi.

Wolkan Bozkyr myhman žurnalistlere sebitdäki özgerlişikler we Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby hakynda maglumat berdi.



Degişli Habarlar