“Çözgüt etaby PKK sebäpli bes edildi”

Prezident diwanynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary we metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn çözgüt etabyny ortadan aýyran zadyň terror guramasy PKK-nyň ýarag taşmazlykdaky kejirligi bolandygyny beýan etdi

424424
“Çözgüt etaby PKK sebäpli bes edildi”

İbrahim Kalyn “Dailý Sabah" gazetindäki makalasynda Günorta-gündogar welaýatlarynda hüjümler guraýan terror guramasy PKK barada syn ýazdy.
Kalyn makalasynda sebitdäki operasiýalaryň kürt halkyna garşy däli eýsem terrror guramasy PKK garşy guralýandygy nygtaýar we şeýle diýýär: “DAEŞ nähili yslama wekilçilik etmeýän bolsa we terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşmek musulmanlara söweş yglan etmeklik manysyny aňlatmaýan bolsa PKK hem kürtlere wekilçilik etmeýär. PKK garşy göreş haýsydyr bir görnüşde kürt raýatlarymyza garşy göreşmek manysyny aňlatmaz. Prezidentimiziň premýer ministrligi döwründe hem kürt raýatlarymyzyň medeni hukuklarynyň berilmegi hem-de sebitiň ykdysady taýdan galkynmagy üçin möhüm başlangyçlar edilipdi."
Çözgüt etabyny ortadan aýyran zadyň PKK-nyň ýarag taşlamazlykdaky kejirligidigine ünsi çeken İbrahim Kalyn: “Abdullah Öjalandan gelen çagyryşlara we çözgüt etabynda berilen sözlere garamazdan PKK garşy güýjüni Türkiýeden çekmäge golaý durmady. Çünki PKK ýarag taşlamak islemeýär" diýdi.
Milli we halkara metbugat organlarynda howpsyzlyk güýçlerinin PKK garşy operasiýalar barada ýalňyş maglumatlaryň berilýändigini nygtan İbrahim Kalyn, metbugat organlaryny wakalar baradaky habarlary tarapsyz bermäge çagyrdy.
Kalyn: “Käbir media organlary erjellik bilen PKK-ny görmediksireýär we döwletiň öz raýatlaryny goramak hukugyny kürt raýatlara garşy gyrgynçylyk edilýän ýaly görkezýär. Hakykat bilen hiç hili baglanşygy bolmadyk bu habarlar arkaly köp adam ýalňyşdyrylýar" diýdi.
Makalasynda Siriýadaky we Yrakdaky wakalar barada-da durup geçen İbrahim Kalyn PKK-nyň we oňa tabynlykdaky güýçleriň DAEŞ garşy göreşi öz terrorçylygyny gizleýän galkan hökmünde peýdalanýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar