Daşary işler ministrligi Eýrana reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministrli Eýranyň soňky döwürde Türkiýe baradaky beýanatlarynyň hakykaty beýan etmeýändigini habar berdi

401780
Daşary işler ministrligi Eýrana reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç Türkiýäniň sebitleýin meseleler baradaky beýanatlary Eýranyň habarlar gulluklary bilen käbir eýranly ýolbaşçylaryň Türkiýe we Prezident Erdoganyň beýanatlary baradaky sözleriniň “geň galdyryjydygyny” aýtdy.
Bilgiç bu barada beren beýanatynda Prezident Erdoganyň Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde gün tertibine getiren hususlarynyň diňe bir belliklerde däldigini, Eýranyň degişli edaralary tarapyndan hem bilinýändigini aýtdy.
Tanžu Bilgiç “şol söhbetdeşligi geçirilmedik ýaly görmek ýa-da mazmunyny ýoýmaga synanşmak diňe bir ahlaksyzlyk bolman, hakykatlary Eýranyň halkyndan gizlemek manysyny hem aňladýar” diýdi.
Geňeşçi Bilgiç Türkiýäniň sebitinde bar bolan meseleleriň parahatçylykly ýollardan çözülmegi dogursynda prinsipli we halkara tagallalara utgaşykly syýasat alyp barýandygyny ýatlatdy.
Bilgiç “Resmi Damask bilen hyzmatdaşlyk edip dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolýan döwletleriň ýurdumyza terrorçylyk bilen bagly töhmet atmagynyň çynlakaý çemeleşmä laýyk gelýän tarapy ýok” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar