Erdogan Dawutoglyna hökümeti gurmak wezipesini berdi

Dawutoglynyň şu gün ministrler kabinetiniň täze düzünü hödürlemegine garaşylýar

418478
Erdogan Dawutoglyna hökümeti gurmak wezipesini berdi

Prezident R. T. Erdogan 64 hökümetiň gurulmagy üçin Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy we Konýa halk deputaty Ahmet Dawutoglyna jogapkärçilik berdi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde geçirlen kasam edişlik dabarasyndan soň Prezident kompleksinde Premýer ministr Ahmet Dawutoglyny kabul etdi.
Prezident Erdogan kabul edilşikde Dawutoglyna hökümeti gurmak wezipesini berdi.
Ahmet Dawutoglynyň şu gün ministrler kabinetiniň täze düzünü hödürlemegine garaşylýar.
Prezident Erdoganyň ministrler kabinetiniň täze düzünü tassyklamagyndan soň täze hökümetiň iş meýilnamasy diňlener we ynam sesi goýulşygy geçirler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar