Hyýanatçylykly hüjüm sebäpli 5 adam şehit boldy

Terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin operasiýalar guralýar

321089
Hyýanatçylykly hüjüm sebäpli 5 adam şehit boldy

Terror guramasy PKK-nyň hyýanatçylykly hüjümleri sebäpli Şyrnak welaýatynda 5 adam şehit boldy.
Terrorçylar tarapyndan Silopi etrabynda ýola goýlan mina uzakdan gönükdirilýän ulgam arkaly ýaryldy.
Partlama sebäpli 4 polis şehit boldy, 1 polis hem ýaralandy.
Beýtüşşebap etrabynda bolsa harby gulluk borjyny tamamlan we dynç alyşa barýan esgerleri Şyrnaga getirmek üçin uçan Sikorski kysymly dik uçara PKK-ly terrorçylar tarapyndan roketalar bilen hüjüm edildi.
Hüjümde harby gulluk borjuny tamamlap dogduk diýaryna gitmek üçin taýarlyk görýän Dogan Ajar şehit boldy.
Ýaralanan 7 esger hem bejeriş astyna alyndy.
Welaýatda terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin operasiýalar guralýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar