Ýörite howpsyzlyk maslahaty geçirildi

Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ýolbaşçylygynda Çankaýa köşgünde “Ýörite howpsyzlyk maslahaty” geçirildi

384699
Ýörite howpsyzlyk maslahaty geçirildi

Maslahatda soňky birnäçe günüň dowamynda Türkiýede DAEŞ we PKK terror guramalarynyň guran hüjümleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Maslahatdan soň berilen ýazamaça beýanatda köp sanda asuda ilatyň ýogalmagyna we howpsyzlyk güýçleriniň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümlere garşy çäreleriň ara alynyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Beýanatda döwletiň milli howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin ähli çäreleriň görülmegiň dowam etdirilmegi we gerek bolan halatynda goşmaça çäreleriň hem görülip bilinjekdigi barada aýdylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar