Muglada 41 Siriýaly bosgun tussag edildi

Türkiýeden Ýewropa geçmäge synanşan bosgunlar kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan tutuldy

219054
Muglada 41 Siriýaly bosgun tussag edildi

Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyndan Gresiýanyň İstanköý adasyna zodiak gaýygy bilen geçmäge synanşan Siriýaly 41 bosgun tussag edildi.
Bitezden münendigi anyklanan 1-i zenan bolan 41 adam, ir bilen Ortakent töwereklerinde kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan tussag edildi.

4 metr ululygyndaky gaýygy bilen geçmäge synanşan bosgunlar tussag edildi we kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Bodruma getirildi.

Bosgunlar Muglanyň İçeri işler müdürliginiň daşary ýurtly raýatlar bölümine alnyp gidildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar