Dawutogly Ýewropa saparyna başlady

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Fransiýadan soň Ýewropa ýurtlaryna sapara başlar

180632
Dawutogly Ýewropa saparyna başlady

Dawutogly Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň çakylygyna laýyklykda Parižden Berline barar.
Saparyň dowamynda özara gatnaşyklar bilen birlikde Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, Siriýa we Yrak ýaly aktual sebitleýin hem-de halkara meseleler barada pikir alyşylar.
Premýer ministr 15-nji ýanwarda ÝB-niň merkezi Brýussele gurajak saparynda ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk we toparyň başlygy Jan Klod Ýunker bilen duşuşar.
Premýer ministr Dawutogly ýanwar aýynyň 20-21 aralygynda bolsa Britaniýa sapar gurar.
Ahmet Dawutogly soň bolsa Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçiriljek Bütindünýä ykdysadyýet forumynyň maslahatlaryna gatnaşar.
Dawutogly ol ýerde G-20-niň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde ýörite mejlisde gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş eder.
Türkiýä 2009-njy ýyldan soň ilkinji gezek Dawosda premýer ministr derejesinde wekilçilik ediler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar