Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollan bilen duşuşdy

“4,5 milliard dollar sarp etdik, gelen kömek bolsa diňe 200 million dollar”

176545
Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollan bilen duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan Fransiýa bardy
Erdogan günübirlik saparynyň çäginde Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollan bilen duşuşdy.
İki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.
Duşuşygyň netijeli geçendigini aýdan Prezident Erdogan iki ýurduň arasyndaky ykdysady, medeni we harby taýdan edilýän gatnaşyklaryň seljerlendigini belledi.
Goranyş senagaty bilen baglanşykly işleriň dowam edýändigini aýdan Erdogan esasan hem ýadro energetika desgasy meselesinde Türkiýäniň, Ýaponiýanyň we Fransiýanyň birlikde işleşýändigini nygtady.
Duşuşykda sebitara meselelere hem garalandygyny aýdan Erdogan Yrak we Siriýa meselesinde Fransiýa bilen Türkiýäniň umuman alnan şol garaýşa eýedigini ýatlatdy.
Erdogan YSYS terror guramasynyň guraýan hüjümlerine garşy halkara jemgyýetçiliginiň berk tutum alyp barmagyny isledi.
Yrakdan gaçan 200 müň adamyň, Siriýadan gaçan 1 million 400 müň adamyň Türkiýä gelendigini ýatladan Erdogan “4,5 milliard dollar sarp etdik, gelen kömek bolsa diňe 200 million dollar” diýdi.
Olland bilen Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaba barada hem pikir alyşandygyny aýdan Erdogan esasan hem Fransiýanyň käbir barlag seljeriş ugurlary bilen baglanşykly bökdençiliginiň ortadan aýrylmagy üçin fransuz kärdeşiniň tagalla etjekdigini aýtdy.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollan hem Yrak we Siriýa barada pikir alyşandyklaryny aýtdy. YSYS terror guramasynyň diňe Kobana howp salmaýandygyny ýatladan Olland Halap şäheriniň ähmiýetine ünsi çekdi.
Azat Siriýa goşunyna goldaw berilmelidigini aýdan Olland ÝB bilen baglanşykly 22-nji we 23-nji barlag seljeriş ugurlarynda öňe gidişligiň edilip bilinjekdigini belledi.
Prezident Erdogan saparynyň çäginde Halkara gatnaşyklar institutynda çykyş eder.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar