Dawutogly Gaza üçin telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Telefon söhbetdeşliklerinde Ysraýylyń Gaza guraýan hüjümleri meselesi hakynda pikir alyşyldy
![Dawutogly Gaza üçin telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/10-11/Files/UploadedImages/8951179davutolukerry.jpg?time=1719282293)
Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Gaza üçin telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär.
Ministr Dawutogly ABŞ-nyń Döwlet sekretary Jon Kerri, Kataryń Daşary işler ministri Al Atiýýe, Palestinanyń Prezidenti Mahmud Abbas we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyń Baş sekretary İýad Medeni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliklerinde Ysraýylyń Gaza guraýan hüjümleri meselesi hakynda pikir alyşyldy.
Palestinyń halkynyń basyş astynda tutulup bilinmejekdigini aýdan Dawutogly “Palestinanyń territoriasy Palestinanyń halkyna degişlidir”diýdi.
Dawutogly “Şol ýerler garaşsyzlyk üçin göreşilen ýerlerdir. Palestinalylaryń beýleki halklar ýaly dim dik öz baýdaklarynyń astynda, öz ýurtlarynda, öz raýatlary bilen asyrlaryń dowamynda asuda ýagdaýda ýaşamak hukugy bardyr” diýip belledi.
Degişli Habarlar
![Daşary Işler Ministri Fidan Çeh Kärdeşi Bilen Duşuşar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/f3a7/fb54/52ee/664f442c1ccb4.jpg?time=1719282293)
Daşary Işler Ministri Fidan Çeh Kärdeşi Bilen Duşuşar
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara ara alnyp maslahatlaşylar.