Dawutogly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Dawutogly Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri, ot açyşlygyň bes edilmegi we Siriýa bilen baglanşykly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

130881
Dawutogly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär


Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri, ot açyşlygyň bes edilmegi we Siriýa bilen baglanşykly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär.
Dawutogly şol çäkde Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Hamasyň syýasy işlerden jogapkär ýolbaşçysy Halid Meşal, Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Şteýinmýer we Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliklerinde Gazadaky wakalar we ot açyşlygyň bes edilmegi hakyndaky tagallalar bilen Yrakda hökümetiň gurulmagy etaby hakynda pikir alyşyldy.
Dawutogly Yragyň Mejlisiniň täze başlygy Selim Jibure telefon edip täze wezipesi bilen mähirli gutlady we rowaçlyk arzuw etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar