Rim Papasy Fransisk Aýa Ýorgi buthanasynda dini dabara gatnaşdy
Papa Fransisk Türkiýe saparynyň soňky gününde Grek “Fener” Patriarhlygy tarapyndan guralan dini dabara gatnaşdy
Patriarhlygyn döredilen güni bolan Keramatly Andreasa bagşyşlanyp Aýa Ýorgi buthanasynda dini dabara geçirildi.
Dini dabara Grek prowoslaw patriarhy Bartolemeo ýolbaşçylyk etdi.
Dogalar we ylahylar okalan dini dabara Gresiýanyň Wise-premýeri we daşary işler ministri Ewangelos Wenizelos hem gatbaşdy.
Papa Fransisk we Patriarh Bartalomeo dini dabaradan soň patriarhlygyň balkonundan howludaky mähelle bilen salamlaşdy.
Rim Papasy we Patriarh Barthalomeo halkara jemgyýetçiligini Ýakyn Gündogardaky dartgynlyga reaksiýa görkezmäge, musulmanlary we hristianlary hyzmatdaşlyga çagyrýan jarnama gol goýdular.
Degişli Habarlar
Çikagoda Guralan Türk Festiwaly Öz Işini Tamamlady
ABŞ-nyň Çikago şäherinde 3 gün dowam eden “Türk festiwaly” dabara bilen ýapyldy.
"2028-nji Ýylda 80 Million Syýahatçy Bilen Ilkinji Üçlükde Ýer Almagy Maksat Edinýäris”
Ministr Ersoý, Şanlyurfa Medeniýet ýoly festiwalyna gatnaşdy