"2028-nji Ýylda 80 Million Syýahatçy Bilen Ilkinji Üçlükde Ýer Almagy Maksat Edinýäris”

Ministr Ersoý, Şanlyurfa Medeniýet ýoly festiwalyna gatnaşdy

2144779
"2028-nji Ýylda 80 Million Syýahatçy Bilen Ilkinji Üçlükde Ýer Almagy Maksat Edinýäris”

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Türkiýäniň dünýäde iň köp syýahatçy kabul edýän 4-nji ýurtdygyny nygtap, ilkinji üçlükde ýer almagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Ministr Ersoý, Şanlyurfa Medeniýet ýoly festiwalynyň çäginde şäherde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy.

Şanlyurfanyň taryhy we tagamlary bilen ýakyndan tanalýandygyny aýdan Ersoý, sebitiň syýahatçylyk taýdan uly mümkinçilige eýedigini belledi.

Ministr Ersoý, festiwal sebäpli şäherde ähli myhmanhanalaryň dolandygyny we uçarlarda ýeriň ýokdygyny nygtady.

Türkiýäniň dünýäde iň köp syýahatçy kabul edýän 4-nji ýurtdygyny nygtan Ministr Ersoý, “Soňky gezek Italiýany geçdik we 4-nji orny eýeledik. 2028-nji ýylda 80 million syýahatçy bilen ilkinji üçlükde ýer almagy maksat edinýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar