Türkiýä Gelýän Syýahatçylaryň Sany Artýar

4 aýda 12 million 678 müň 959 syýahatçy geldi

2143863
Türkiýä Gelýän Syýahatçylaryň Sany Artýar

Türkiýä, üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýynda 12 million 678 müň 959 syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürdäki görkezijilerine görä, Türkiýä gelen syýahatçylaryň 10 million 654 müň 94-i daşary ýurtlylardan ybarat.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan 2 million 24 müň 685 türk raýaty ady agzalýan döwürde Türkiýä geldi.

Şeýlelikde 4 aýda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany 12 million 678 müň 959 adama ýetdi.

Daşary ýurtly syýahatçylaryň sany üstümizdäki ýylyň 4 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 11,75 göterim artdy.

4 aýda Germaniýadan 1 million 122 mň 930, Russiýadan 1 million 78 müň 294, Eýranda 946 müň 437 adam geldi.

 

 



Degişli Habarlar