Galata Mirasy Açyldy
Stambuldaky Galata minarasy Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň abaýlaýyş işlerinden soň gaýtadan açyldy.
Döwrebap tehnologiýa bilen alymlaryň ýolbaşçylygynda geçirilen abatlaýyş işleri bilen minara ýer titremä garşy güýçlendirilen we abatlanan daşky fasady bilen mihmanlaryny kabul etmäge başlady.
Ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň üns merkezinde durýan minaranyň 8-nji gatynda ýerleşýän panoramik syn ediş balkony ajaýyp metropolyň öňünde fotusurat aldyrmaga şert döredýar.
6-njy gatda ýaşlar maşgala agzalary bilen bilelikde “Stambuly tapyn” atly interaktiw wideo oýunyna gatnaşýar. 2-nji gatda 17-nji asyr türk alymy Hazerfen Ahmed Çelebiniň Galata minarasyndan Üsküdara legendar uçuşyny suratlandyrýan simulýasiýa gatnaşmak mümkin.
674 ýyllyk minara; 23-nji fewralda daşky fasadynyň abatlanmagy we ýer titremä garşy güýçlendiriş işleri sebäpli gezelenje ýapylypdy.
Degişli Habarlar
Türkiýä 10 Aýda 47 Million 306 Müň Syýahatçy Geldi
Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 7,03 göterim artdy.