Zelenskiý Putini Minske çagyrdy

Wladimir Zelenskiý, Wladimir Putini Belarusyň paýtagty Minsk şäherine Krym we Donbass meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy

1232217
Zelenskiý Putini Minske çagyrdy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini Belarusyň paýtagty Minsk şäherine Krym we Donbass meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy

Zelenskiý sosial mediadan beren habarnamasynda Ukrainanyň diplomatik formatlary ret etmeýändigini nygtady.

Putine Krym we Donbass meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip eden Zelenskiý: “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine ýüzlenýärin. Biz maslahatlaşmalymy? Maslahatlaşmaly. Krymyň kime degişlidigini we Donbassyň kimdedigini maslahatlaşaly” diýip ýazdy.

Zelenskiý: “Maslahatlaşmak üçin şulary teklip edýärin: Men, siz, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron. Belarusyň döwlet Ýolbaşçysy Aleksanrd Lukaşenkonyň bizi hoşallyk bilen kabul etjekdigini pikir edýärin” diýdi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriu Peskow bolsa žurnalistlere beren beýannamasynda Zelenskiýniň teklibini seljerjekdiklerini nygtap: “Duşuşygyň formaty nähilidigi we netijeleri ara alynyp maslahatlaşylmaly” diýdi.



Degişli Habarlar