Yragyň Erbil şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn boldy

Wakada adam ýitgileri çekilmedi

2152517
Yragyň Erbil şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn boldy

Yragyň Erbil şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawotda we ammarlaryň ýerleşýän ýerinde ýangyn ýüze çykdy. 

Tiz wagtda ýaýran ýangyn sebitdäki ýangyç paýlaýyş desgasynyň we smola ammarynyň işleýşini togtatdy. 

Sebite onlarça ýangyn söndüriji we raýat goranyş topary gönükdirildi. 

Wakada adam ýitgileri çekilmedi. 



Degişli Habarlar