Ysraýylyň goşuny Jenin bosgun düşelgesini gabaw astyna aldy

Gazada gyrgynçylygyny dowam eydorýän Günbatar Şeriada basyşlaryny artdyran Ysraýylyň goşuny, Jenin şäherinde reýdler geçirip, ol ýerdäki bosgun düşelgäni gabaw astyna aldy

2152553
Ysraýylyň goşuny Jenin bosgun düşelgesini gabaw astyna aldy

Şaýatlaryň habar bermegine görä, Jenin şäherinde reýdler geçiren Ysraýylyň goşuny palestinalylaryň iş ýerlerinde we öýlerinde gözleg işlerini geçirdi. 

Palestinalylaryň birini göz tussaglygyna alan ysraýylly esgerer bilen sebitiň ýaşaýjylarynyň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi. Ysraýylly esgerler reýdlere we göz tussaglyklaryna nägile bolan we garşylyk görkezip daş zyňan palestinalylara hakyky oklar ulandy. 

Saglygy goraýyş guramasynyň resmileriniň biri 1 palestinalynyň ýaralanyp, hassahanada bejergi astyna alynandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň goşunyna degişli buldozerler Jenin bosgun düşelgesiniň töweregindäki köçelere zeper ýetirdiler. Bosgun düşelgä goşmaça harby güýç ugradan Ysraýylyň goşuny, ol ýeri gabaw astyna aldy. 

Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjüm başladan 7-nji oktýabrdan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde palestinalylary garşy amala aşyrýan göz tussaglyklary, reýdleri we hüjümleri artdy. 

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi bu sebitlerde ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň topraklaryny ellerinden alan ysraýyllylaryň guran hüjümlerinde 543 palestinalynyň ýogalandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar