Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Ysraýylyň 251 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

2152599
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 30 adam artyp 37 müň 232 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 251 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 3 gyrgynçylyk edendigi, ady agzalýan hüjümlerde ýene-de 30 palestinalynyň ýogalandygy, 105 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 37 müň 232, ýaralananlaryň sanynyň hem 85 müň 37 adama ýetendigi ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar