“Türkiýe bilen bar bolan meseleleriň çözgüdi bilen bagly gepleşikler dowam edýär”

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Hizer Noýert Türkiýe bilen bar bolan meseleleriň çözgüdi bilen bagly gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi

1028690
“Türkiýe bilen bar bolan meseleleriň çözgüdi bilen bagly gepleşikler dowam edýär”

Metbugat geňeşçi Noýert Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky 9 adamdan ybarat türk wekiliýet bilen ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň orunbasary Jon Salliwanyň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň arasynda geçirilen gepleşikler barada ýazmaça beýanat berdi.

Hizer Noýert: “Türk wekiliýet bilen goşmaça gepleşikler geçirdik. Gepleşikler dowam edýär” diýdi.

Noýert beýanatynda: “Döwlet sekretarynyň orunbasary Jon Salliwan, Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal bilen duşuşdy. Iki resmi ruhany Branson bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary gyzyklandyrýan ençeme meseläni ara alyp maslahatlaşdylar” diýip habar berdi.

Waşingtonda gepleşikler geçirýän 9 adamdan ybarat türk wekiliýetine Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal öňbaşçylyk edýär.

Türk wekiliýetiniň ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynda irden geçiren gepleşigi takmynan 50 minut dowam etdi.

Türk wekiliýetinde Daşary işler ministrliginden, Adalat ministrliginden, Gazna we Maliýe ministrliginden hersinden 3 wekiliň, jemi 9 wekiliň bardygy mälim edildi.

Türk wekiliýetine Türkiýäniň Waşingtondaky ilçisi Serdar Kylyç hem ýoldaşlyk edýär.



Degişli Habarlar