Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär

Eýranyň 8-nji Prezidenti Raisiniň we Daşary işler ministri Abullahiýanyň ýogalmagyna liderler uly gynanç bildirýär.

2141765
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär

 

Eýranyň 8-nji Prezidenti Ebrahim Raisiniň we Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abullahiýanyň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyna liderler uly gynanç bildirýär.

Liwanyň Premýer-ministri Nejib Mikati, Raisi we Abullahiýanyň ýogalmagy sebäpli beren ýüzlenmesinde ýurtda 3 günlük resmi ýasyň yglan edilendigini we baýdaklaryň ýarysyna çenli aşakladylandygyny mälim etdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we ýanyndakylaryň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagy sebäpli Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe gynanç bildirdi.

Kreml tarapyndan berlen beýannama görä, Putin ýüzlenmesinde Raisiniň tanymal syýasatçydygyny we halkynyň oňa uly sarpa goýýandygyny we daşary ýurtlarda hem täsiriniň güýçlidigini nygtady.

Putin ýüzlenmesinde, bu elhenç heläkçilikde ýogalan prezidentiň we beýleki ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirýärin. Heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna we eýranyň halkyna sabyr dileýärin” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Eýranyň Daşary işler ministrligine ugradan ýüzlenmesinde, Raisi we Abdullahiýan bilen birlikde beýlekileriň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyna uly gynanç bildirýändigini nygtady.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe ugradan ýüzlenmesinde, waka çuňňur gynanç bildirýändigini nygtap, dost eýranyň halkyna, merhumlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýändigini beýan etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagy sebäpli Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe ugradan ýüzlenmesinde, Raisiniň sebitde durnuklylygyň goralyp saklanmagy üçin tagalla eden döwlet adamydygyny ýatlatdy.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi hem X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda,  Raisiniň Hindistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagy goşan goşandy sebäpli hemişe hatyralanjakdygyny belledi.

Modi, Raisiniň hossarlaryna we eýranyň halkyna gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar