Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy

Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.

2141682
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy

Owganystanyň Bamýan welaýatynda 3-i ispaniýaly syýahatçy 6 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümiň jogapkärçiligini, terror guramasy DEAŞ öz üstüne aldy.

Terror guramasy DEAŞ-iň sosial mediadan beren habarnamasynda, 17-nji maýda gurama tarapyndan Bamýan welaýatynda syýahatçylara garşy ýaragly hüjümiň guralandygy nygtaldy.

Bamýan welaýatyndaky syýahatçylyk merkezlerine baran topara garşy ýaragly hüjüm guralypdy.

Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.

Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň İçeri işler müdürliginiň metbugat sekretary Abdulmetin Kani waka bilen arabaglanşykly 7 adamyň saklanandygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar