Netanýahu Salliwan Bilen Duşuşdy
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu ABŞ-nyň Milli Howpsuzlykdan jogapkär resmisi Jeýk Salliwan bilen duşuşdy.
![Netanýahu Salliwan Bilen Duşuşdy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/659d/e997/0784/664aecfce0864.jpg?time=1722045299)
Ysraýylyň döwlet teleýaýlymy “KAN-yň” habar bermegine görä Netanýahunyň Günbatar İýerusalimde ýerleşýän ofisinde Salliwan bilen duşuşandygy mälim edildi.
Habarda duşuşygyň mazmuny hakynda maglumat berilmedi.
Ak Tamyň Milli howpsuzlyk aragatnaşygy boýunça geňeşçisi Jon Kirbi 17-nji maýda beren beýannamasynda Salliwanyň Gazadaky soňky ýagdaýy we gepleşik tapgyryny kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşjakdygyny habar beripdi.
Sebite guraýan saparynyň çaginde Saud Arabystanyna baryp; “Gazadaky soňky wakalaryň çäginde hüjümleriň bes edilmegiwe sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi” hakynda pikir alyşan Salliwan, ol ýerden Ysraýyla geçipdi.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722045300)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy