Obama: "Ylalaşyk gazanylmasa gepleşiklerden çekileris"

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni aljak ylalaşyk gazanylman halatynda gepleşiklerden çekiljekdigini aýtdy

327000
Obama: "Ylalaşyk gazanylmasa gepleşiklerden çekileris"

Obama Braziliýanyň Prezidenti Dilma Russeff bilen Ak Tamda geçiren metbugat ýygnagynda ýadro gepleşikleriniň maksadynyň Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni almak we mesele boýunça gözegçilik mehanizminiň döredilmegi bolandygyny aýtdy.
Barak Obama resmi Tähranyň halkara jemgyýetçiliginiň goýan şertlerini berjaý etmelidigini nygtady.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bolsa günbataryň wadasynda durman halatynda ýadro maksatnamasynyň ýaňadandan başlajakdygyny belledi.
Gepleşikler soňky gezek 7-nji iýula çenli uzaldylypdy, Halkara Atom Energiýasy Gullugy bolsa gepleşikleriň dowam etmegini isleýär.
Gullugyň birnäçe günüň dowamynda çap etjek habarnamasyna görä Eýranyň “pes mukdarda baýlaşdyrylan uran ätiýajy” azaldy.
Şeýlelikde Eýranyň “pes mukdarda baýlaşdyrylan uran ätiýajy” mart aýynda gazanylan alynky ylalaşykda görkezilen sana laýyk.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar